Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder

  • 23.10.2025 12:33
  • 2.6k+

Porsche AG-yň Synçylar geňeşi täze baş direktor hökmünde kompaniýada ozal ýokary wezipeleri eýelän Mihael Leýtersi belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipä girişer. Ondan öňki ýolbaşçy, soňky on ýylyň dowamynda premium brende ýolbaşçylyk eden Oliwer Blýume tutuş Volkswagen toparynyň baş direktory wezipesini saklap galar.

Mihael Leýters – doktorlyk derejesi bolan inžener. Ol Porsche-de 2000-nji ýyllaryň başynda işläp başlady we kompaniýada 13 ýyldan gowrak zähmet çekip, beýleki taslamalar bilen bir hatarda Macan we Cayenne model hatarlary bilen meşgullandy.
Şondan soň Leýters sekiz ýyl töweregi Ferrari-niň tehniki müdiri, 2022-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň apreline çenli bolsa McLaren Automotive-iň baş direktory boldy. McLaren-de ol beýlekiler bilen bir hatarda meňzeş superkarlaryň hataryny azaltmagy we uly hyzmatdaşyň gatnaşmagynda elektrik sedan we krossower döretmegi meýilleşdiripdi. Leýters eýesi üýtgänden tiz wagtdan soň kompaniýadan gitdi, onuň ornuny Nik Kollinz eýeledi.
Geçen aý Porsche täzelenen önüm strategiýasyny hödürledi: kompaniýa ozal yglan edilen elektromobilleriň bir böleginden ýüz öwrüp ýa-da olaryň çykmagyny has giçki möhlete süýşürip, häzirki içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modelleriň ömrüni uzaltdy.
Leýtersiň bellenmegine teswir bermek bilen, Oliwer Blýume onuň sportkarlar boýunça tejribeli hünärmendigini belläp geçdi.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....