Porsche Taýwanyň gözelliklerine özboluşly 911 Carrera bagyşlady

  • 16.12.2025 18:18
  • 2.4k+

Porsche kompaniýasy Formosa diýlip atlandyrylan 911 Carrera T sport awtoulagynyň aýratyn nusgasyny hödürledi.

Bu özboluşly awtoulagyň bezegi, taryhda portugaliýaly deňizçiler tarapyndan "owadan ada" diýmekligi aňladýan Formoza ady bilen tanalýan Taýwanyň tebigy gözelliklerine bagyşlanandyr.
Sportkaryň kuzowy adany ýuwýan Ýuwaş ummanynyň suwlaryny aňladýan, ýörite Ipanema Blue Metallic atly gök reňk bilen reňklenendir. Gündogar kenar ýakasyndaky gaýaly gerişler, aýna gyralary we nyşanlar üçin ulanylan Suzuka Grey Metallic çal reňkli aksentlerde öz beýanyny tapýar. Daşky görnüşi ak reňkli RS Spyder tigir diskleri we garaňkylaşdyrylan optika bilen tamamlanýar.
Awtoulagyň interýeri Taýwanyň daglyk landşaftyndan ylham alýar. Ol paldao agajynyň ulanylmagy bilen bezelen bolup, oturgyçlar goňur we gara deri bilen örtülendir. Oturgyçlarda ilkinji gezek şeýle reňk utgaşmasyndaky mata ulanyldy. Bularyň ählisi Formosa x Sonderwunsch ýazgyly yşyklandyrylýan bosaga örtükleri, şeýle hem ýassyklaryň üstünde deňziň we daglaryň fonunda 911 Carrera T-niň şekiliniň basylyp çykarylan silueti bilen doldurylýar. Ýük bölüminiň örtügi Formosa ýazgyly keşde bilen bezelendir.
Mundan ozal Porsche, ýabany pişik ady bilen atlandyrylan 911 GT3 modeliniň hem özboluşly wersiýasyny hödürläpdi.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....