Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

  • 08.01.2026 21:11
  • 2.5k+

ABŞ-da yzyny görkezýän kameranyň şekili bilen bagly näsazlyklar sebäpli Volkswagen Group konserniniň awtomobilleri giň gerimde yzyna gaýtarylýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň maglumatlaryna görä, programma ýalňyşlygy yzdaky zatlary görkezmekde bökdençliklere getirip biler, bu bolsa heläkçilik ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

Volkswagen konserni Audi brendi bilen bilelikde 356 649 awtomobili yzyna gaýtarýar. Şol bir wagtyň özünde şeýle näsazlyk barada Porsche hem habar berdi: premium brend ABŞ-da 173 538 ulagy yzyna ýygnaýar. Porsche üçin bu soňky ýyllarda iň uly yzyna çagyryş kampaniýalarynyň biri boldy. Umuman alanyňda, bu kampaniýa 530 müňden gowrak awtomobile täsir edýär.
Volkswagen-iň yzyna gaýtaryş kampaniýasy 2019-2026-njy ýyllarda çykan awtoulaglara degişlidir. Näsazlyklary düzetmek üçin dilerler yzyny görkezýän kameranyň işine jogap berýän programma üpjünçiligini mugt täzelär. Bu şekiliň dogry görkezilmegini dikeldip, heläkçilik ýagdaýlarynyň bolmak ähtimallygyny azaltmaly. 


şu gün 09:56
273

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....