Porsche täze 911-e Amazon ýabany pişiginiň adyny dakdy

  • 19.11.2025 13:20
  • 3.9k+

Porsche kompaniýasy Latyn Amerikasyndaky şahamça kärhanasynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Latyn Amerikasynyň Nyşanlary" atly ýörite seriýasyny döretdi. Bu hatardaky ilkinji awtoulag Kolumbiýadaky Amazon tropiki tokaýlygyndan ylhamlanan özboluşly 911 GT3 Ocelot sport awtoulagydyr.

Model ýerli ýabany pişik oselotyň adyny aldy.
Sport ulagynyň kuzowy Forest Green Metallic reňkine boýaldy. Günüň şöhlesinde boýagy ýaşyl reňkiň dürli öwüşginleri bilen öwşün atýar. Kuzowyndaky kümüşsöw öwüşginler 1960-njy ýyllaryň nusgawy 991 modelini ýada salýar.
Awtoulagyň içi hem jikme-jikliklere uly üns berlip bezelipdir: açyk goňur reňkli oturgyç daşlyklary kelle direginde oselotyň sudury bilen bezelipdir, kletkaly nagyşly nusgawy Pepita matasy ýabany pişigiň sütükleriniň äheňlerini gaýtalaýar.
Tehniki taýdan 911 GT3 Ocelot-yň adaty modelden tapawudy ýok: kapotyň aşagynda el bilen geçirişli gutuly 510 at güýjüni (450 Nm) öndürýän atmosferaly 4,0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji bar.
Iconos de Latinoamerica seriýasyna ýene birnäçe model girer. Olaryň hersi belli bir sebite bagyşlanar we onuň tebigy hem-de medeni aýratynlyklaryny öz içine alar.


düýn 23:24
2.3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......