Porsche çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirmegi göz öňünde tutýar

  • 14.03.2026 15:49
  • 2.1k+

Porsche kompaniýasy çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirip biler. Metbugat habarlaryna görä, Panamera ady galyp, Taycan-yň bolsa awtoulaglaryň hataryndan çykarylmagy mümkin.

Porsche kompaniýasynyň ilkinji elektrik awtoulagy Taycan žurnalistlere 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda görkezildi. Synag sürüşi Berlinde geçirildi. Modeliň ady türk dilinden gelip çykýar we “ýyndam taýçanak” diýmegi aňladýar. Synaga gatnaşanlar ýoluň Germaniýanyň paýtagtyndan başlanmagynyň simwoliki manysynyň bardygyny bellediler: dürli çaklamalara görä, şäheriň takmynan 250 müň ýaşaýjysynyň asly türkdir.  

Synag sürüş ýoly çalt zarýad beriji beketleriň arasyndan geçirýärdi. Guramaçylar awtoulagyň batareýasynyň çökmegi we ewakuator çagyrmak töwekgelçilikleriniň  öňüni almak üçin sürüjilere bu ýoldan çykmazlygy maslahat berdiler.

Daşky görnüşi boýunça Taycan Germaniýanyň ýollarynda köp wagt bäri yzygiderli ulanylýan Panamera sedany bilen meňzeş diýen ýalydy. Şeýle çemeleşme ýöriteläp edildi: kompaniýa ulag alyjylara içinden otlanýan hereketlendirijili tanyş model ýaly görünse, elektrik ulagyna geçmegiň has aňsat boljakdygyna umyt baglaýardy.

Şeýle-de bolsa, bazardaky ýagdaý üýtgedi. Bäsdeşligiň artmagy we elektrik awtoulaglaryna bolan gyzyklanmanyň azalmagy satuwyň pese düşmegine getirdi. Bu, esasanam, Porsche-niň esasy bazarlarynyň biri bolan Hytaýda has aýdyň görünýär.

Eger 2023-nji ýylda ýurtda 40 müňden gowrak Taycan satylan bolsa, 2024-nji ýylda takmynan iki esse az, geçen ýyl bolsa takmynan 16 müň elektrik sedany satyldy.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....