Xiaomi-niň ulagy Nýurburgring ýolunda Porsche-niň rekordyny täzeledi

  • 14.06.2025 19:42
  • 5k+

Xiaomi SU7 Ultra elektrosedany Nýurburgring ýaryş ýolunda köpçülikleýin elektromobilleriň arasynda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ýaryş ýoly üçin goşmaça kämilleşdirmelere eýe bolan ulag bu aýlawy 7 minut 4,957 sekuntda geçdi.

Öňki rekord Weissach bukjasy bolan Porsche Taycan Turbo GT ulagyna degişlidi – ol 2024-nji ýylda 7 minut 07,55 sekunt netijäni görkezdi.
Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun görkezijiniň mundan beýläk-de gowulaşjakdygyna ynam bildirdi. Ol X we Weibo platformalarynda kompaniýanyň öňdebaryjy awtoöndürijiler bilen bäsleşmek üçin dowamly iş alyp barjakdygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň oktýabrynda SU7 Ultra-nyň prototipi bu ýoly 6 minut 46,874 sekuntda geçip, Nýurburgringde iň tiz dört gapyly awtomobil boldy. Bu netije ýewropa we amerikan brendleriniň ýediýyllyk agalygyny bes etdi.
SU7 Ultra-nyň köpçülikleýin wersiýasy 1548 at güýjüni berýän üç elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Tizligi 0-dan 100 km/sag çenli artdyrma 1,98 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik 350 km/sag ýetýär.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......