Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

  • şu gün 14:34
  • 513

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň esaslandyryjysynyň kakasynyň soňky çapuw atynyň hormatyna atlandyrylyp, 2025-nji ýylyň «Koenigsegg Jesko» modeliniň modifikasiýasydyr. Lego kubiklerinden ýasalan Koenigsegg nusgasy 111 km/sag tizlige galdy.

1:8 masştabyndaky toplum 4104 bölekden (detal) ybarat bolup, ýewropada iýul aýynda 450 ýewro bahasy bilen satuwa çykar.

Uzunlygy 59 santimetr bolan model garaşsyz asma ulgam, hereket edýän porşenleri bolan «V8» hereketlendirijisi, işleýän rul, epilýän aýnalar, aýrylyp bilinýän üçek we 9 basgançakly geçiriş gutusy bilen üpjün edilendir. Ýörite mehanizm gapylary sinhron açmaga, kapoty galdyrmaga we görkeziş tertibi üçin aýnalary epmäge mümkinçilik berýär.

Belläp geçmek gerek, mundan ozal, maý aýynda «Lego» «Speed Champions» seriýasyny «Forsaž» filminden 1994-nji ýylyň «Toyota Supra MK4» modeli bilen hem baýlaşdyrypdy.

Hyzmatdaşlygyň esasy wakasy giperkaryň tebigy ululykdaky hereket edýän nusgasynyň döredilmegi boldy. Maşyny gurmak üçin 9400 adam-sagadyndan gowrak wagt we 327 906 sany «Lego» bölegi sarp edildi. Konstruksiýanyň umumy agramy 1800 kilograma deň bolup, onuň 400 kilogramyny metal karkasda berkidilen kubikleriň özleri düzýär. Yzky okunda işleýän elektrodwigatel oturdylandyr.

Britaniýanyň Gudwud (Goodwood) ýolunda geçirilen synaglaryň dowamynda synag-pýlot Markus Lund «Lego»-mobilini 111 km/sag tizlik bilen sürmegi başardy. Bu netije konstruktordan ýasalan doly ululykdaky modeller üçin ozal bellenen 50 km/sag tizlik rekordyndan iki esse ýokarydyr.


12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...