Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

  • 30.01.2026 18:50
  • 5.3k+

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy.
Bu statistika Toyota, Daihatsu we Hino Motors brendleriniň satuwlaryny öz içine alýar. Mundan öňki rekord 2023-nji ýylda hasaba alyndy we ol 11,223 mln awtomobile barabardy.
Toyota eýýäm yzygider altynjy ýyl dünýä liderligini saklap gelýär. 2025-nji ýylda kompaniýa özüniň esasy bäsdeşi Volkswagen toparyndan ýene-de öňe geçdi. Nemes awtoöndürijisi 8,98 mln awtomobil satdy.
Toyota-nyň satuwy dünýäniň esasy bazarlarynda — ABŞ-da, Ýewropada we Aziýa ýurtlarynda ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýa dünýäniň awtomobil bazaryndaky ýokary bäsdeşlige we çylşyrymly ykdysady ýagdaýlara garamazdan, durnukly ornuny saklaýar.


düýn 06:21
4.5k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....