Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

  • 04.04.2026 13:20
  • 2.3k+

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini jemleýän mahaly yglan etdi.

Rekord goýan ýaryşyň ýazgysy YouTube platformasynda çap edildi.

Ulag aýlawy 6 minut 15,977 sekuntda geçmek bilen, ýaryşyň taryhynda üçünji iň çalt wagt boldy. Ruluň başynda belgiýaly sürüji Frederik Werwiş otyrdy.

Awtoulag aýlaw wagtynda diňe iki prototipden: Porsche 919 Evo-dan (5 minut we 19,546 sekunt) we elektrikli Volkswagen ID.R-den (6 minut we 5,336 sekunt) yza galdy.

Şeýle hem, Ford GT Mk IV bu ýolda bäsleşen iň çalt amerikan awtoulagy boldy. Seriýa modelleriniň arasynda 2024-nji ýyldan bäri iň gowy netije 6 minut 29,05 sekunt bilen gibrid Mercedes-AMG One awtoulagyna degişlidir.

Ford superkary birnäçe elektrik modellerinden, şol sanda ýoly 6 minut 22,091 sekuntda geçen Xiaomi SU7 Ultra Prototype-den we 6 minut 24,047 sekuntda geçen Lotus Evija-dan öňe geçdi. Benzin bilen işleýän önümçilik awtoulaglarynyň arasynda iň ýakyn netijäni Manthey kompaniýasynyň Porsche 991 GT2 RS awtoulagy 6 minut 43,3 sekunt wagt bilen gazandy.

 

Ford GT-niň ýol wersiýasynyň önümçiligi birnäçe ýyl mundan ozal togtadylypdy, ýöne diňe trassa üçin niýetlenen Mk IV awtoulagynyň öndürilişi dowam edýär. Her biriniň bahasy 1,7 million dollardan başlaýan awtoulagy çäklendirilen 67 birlik möçberinde öndürmek meýilleşdirilýär. Model 831 at güýjüne eýe bolan 3,8 litrlik iki turbinaly EcoBoost V6 hereketlendirijisi we alty tizlikli yzygiderli geçiriji bilen üpjün edilen.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....