Porsche-niň güýç gurluşy oturdylan kater Monakodaky ýaryşda tizlik rekordyny goýdy

  • 20.07.2025 17:49
  • 5.6k+

Frauscher x Porsche 850 Fantom spidboty Monakoda geçen Energy Boat Challenge ýaryşynda täze tizlik rekordyny goýdy . “Açyk deňiz” synpynda ol 49,84 uzel tizlige çykdy, bu sagatda 92,3 kilometre barabardyr. Bu ýaryşyň taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Kater Awstriýanyň Frauscher gämi gurluşyk kärhanasy tarapyndan Porsche bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Bu gämi 2023-nji ýylda çykan 850 Fantom Air modeliniň kaýutaly görnüşidir. Gämi 544 at güýjüne deň bolan Porsche Macan Turbo elektrik krossoweriniň bir motorly güýç gurluşy we 100 kilowat sagat sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bellenen häsiýetnamalar iň ýokary - sagatda 90 km (40 uzel) tizligi we 40 km/sag kreýser tizliginde 100 kilometre çenli aralygy öz içine alýar. Gäminiň uzynlygy 8,8 metr, ini 2,5 metr. Ol ýedi adama niýetlenip, birnäçe: Docking, Range, Sport we Sport Plus sürüliş režimleri bar.
Ýygnamak işi Awstriýanyň Olsdorf şäherindäki Frauscher gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirilýär. Porsche güýç gurluşynyň esasy böleklerini üpjün edýär.




22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......