Volkswagen Porsche-niň elektromobiller bilen bagly meseleleri zerarly 6 milliard dollar ýitirer

  • 24.09.2025 14:16
  • 5.3k+

Volkswagen Group özüniň golçur kärhanasy bolan Porsche-niň çykarýan elektrik ulaglary sebäpli 2025-nji ýylda ýitgileriniň 5,1 milliard ýewro (takmynan 6 milliard dollar) ýetip biljekdigini duýdurdy.

20-nji sentýabrda Porsche "bazar şertleri sebäpli" täze elektrik ulagynyň önümçiligini ýatyrjakdygyny mälim etdi. Geljekki modeller üçin programma üpjünçiligi platformasyny işläp taýýarlamak hem yza süýşüriler. Mundan başga-da, kompaniýa orta möhletli geljekde amal haýryny çaklamasyny täzeden gözden geçirdi: 15-17% -iň ýerine indi 10-15% -e garaşylýar.
Bu üýtgeşmeler Porsche-niň esasy paýyna eýe bolan Volkswagen-iň maliýe görkezijilerine gönüden-göni täsir eder. Topar sport awtoulag öndürijisindäki paýynyň bahasyny 3 milliard ýewro peselder. Mundan başga-da, Volkswagen-iň şu ýylky girdejisi 2,1 milliard ýewro azalar. Umuman alanyňda, bu 5,1 milliard ýewro ýitgi çekilmegine sebäp bolar diýip, kompaniýa habar berdi.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......