Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar

  • 25.07.2025 11:42
  • 19k+

San-Fransiskoda daşaýyş wagtynda Porsche 911-iň binýadynda gurlan seýrek RUF CTR sport awtoulagy zaýalandy. Bu waka awtoulag ewakuatordan düşürilýärkä bolup geçdi: awtoulag aşak tigirlenip, rampadan gaçdy we yzky bamperi bilen asfalta uruldy diýip, ýerli sosial ulgamlara salgylanýan Carscoops habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, gaçmagynyň sebäbi gulplamak unudylan tigir gulpy bolup biler.
RUF CTR sport ulagy amerikan eýesiniň haýyşy boýunça gara reňke boýalyp, RUF-yň Germaniýadaky ştab-kwartirasyndan yzyna getirilýändigi bellendi.
1980-nji ýyllaryň bu nusgawy sport awtoulagynyň otuzdan hem az sanlysy çykarylyp, ol 469 at güýjüni öndürýän 3,4 litrlik oppozit hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan.
Bu model Yellowbird (“Sary guş”) lakamy bilen tanalýar. Bu at 1987-nji ýylda surata düşüriliş wagtynda bulutly asmanyň astynda saýlanýan açyk sary reňki sebäpli Road & Track-iň žurnalistleri tarapyndan berildi. Şol döwürde sportkar sagatda 340 km tizlige ýetmegi başarypdy.
Häzirki wagtda RUF CTR-iň bazar bahasy 4-6 million dollar aralygynda.




29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....