Porsche nusgawy modellerde meşhur bolan matalaryň önümçiligini gaýtadan dikeltdi

  • 07.12.2025 12:16
  • 2.5k+

Germaniýanyň Porsche awtoöndürijisi özüniň nusgawy sport awtomobilleriniň interýerinde ulanylan meşhur mata nagyşlarynyň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. Indi assortimentde Pasha, Tartan we Pepita ýaly nagyşlar, şeýle-de beýleki özboluşly matalar bar.

Porsche-niň hakyky hilde gaýtadan döredilen dokma materiallary 356-dan 911-e çenli modelleriň eýelerine öz ulaglarynyň salonyny ilkibaşdaky ýagdaýyna getirmäge mümkinçilik berýär. Matalary Porsche-niň resmi diler merkezlerinde, şeýle-de Porsche Classic internet dükany arkaly sargyt edip bolýar.
Nagyşlary takyk gaýtadan dikeltmek üçin kompaniýa öz arhiwini we saklanyp galan seýrek nusgalary ulandy. Mysal üçin, hünärmenler ABŞ-da 1975-nji ýylyň 911 modeliniň gözenekli ýaşyl mata bilen örtülen, gowy ýagdaýda saklanan el degrilmedik oturgyjyny tapdy.
Beýleki hakyky bölek şaýlar ýaly, täze «köne» matalar öndürijiniň ýokary ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan birnäçe synagdan geçdi. Materiallaryň oda, ýagtylyga, reňke we sürtülmä garşy çydamlylygy barlandy. Bu bolsa olaryň salonyň dürli elementlerinde: oturgyçlaryň daşlyklarynda we gapdal panellerde ulanmak üçin laýyk gelýändigini aňladýar. Matalar sargyt etmek üçin 1,5 x 2 metr ölçegde hödürlenýär.  


29.05.2026 11:37
2.8k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....