Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

  • 01.04.2026 16:47
  • 3.6k+

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip, Financial Times neşiri habar berýär.

Bu sanawa Honda, Bentley, Lotus, Audi, Porsche, Mercedes-Benz, Ford, Stellantis, Volvo, Rolls-Royce, Lamborghini we Ferrari ýaly meşhur markalar girýär. Gazetiň çaklamasyna görä, täze modelleriň ýatyrylmagy we strategiýalaryň üýtgemegi sebäpli pudak soňky bir ýylyň içinde azyndan 75 milliard dollar ýitgi çekdi.

Mysal üçin, Honda 2040-njy ýyla çenli içinden ýanýan hereketlendirijili (IÝD) ulaglary bes etmek meýilnamasyndan ýüz öwürdi we ýakyn iki ýylda 16 milliard dollara çenli ýitgi çekmegine garaşýar. Rolls-Royce 2030-njy ýyldan soňam ýangyçly awtomobilleri öndürmegi dowam etdirjekdigini mälim etdi. Ferrari bolsa 2030-njy ýyla çenli elektromobil öndürmek meýilnamasyny iki esse azaltdy.

Mercedes-Benz, Ford, Volvo meňzeş beýleki kompaniýalar hem ýakyn on ýylyň içinde zil elektrikli ulaglara geçmek baradaky maksatlaryny gysgaltdylar.

Financial Times bu düýpli üýtgeşmeleri ABŞ-da döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň we salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy, Ýewropa Bileleşiginde ekologik talaplaryň gowşadylmagy, içinden ýanýan hereketlendirijili awtomobillere bolan islegiň heniz hem ýokary derejede saklanmagy ýaly ýagdaýlar bilen düşündirýär. 


21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....