Ferdinand Porşeniň 90 ýaş toýuna ýörite Porsche 911 GT3 bagyşlandy

  • 17.12.2025 16:21
  • 2.3k+

Porsche kompaniýasy 911 GT3 superkarynyň "90 FA" diýlip atlandyrylan ýörite nusgasyny tanyşdyrdy. Bu model ilkinji Porsche 911-iň keşbini döreden meşhur dizaýner Ferdinand Aleksandr Porşeniň 90 ýaşyna bagyşlandy. Jemi 90 nusga bilen çäklendirilen bu seriýa üçin sargytlar aprel aýynda açylar.

Täze model 911-iň döredijisiniň şahsy awtoulagynyň stilinde dizaýn edildi. Awtoulag üçin Ferdinand Aleksandryň 1980-nji ýyllarda münen ulagynyň reňkini gaýtalaýan özboluşly "FA Greenmetallic" reňki işlenip düzüldi. Şeýle hem, kupe klassiki Fuchs stilindäki diskler we yzky gapagynda altyn çaýylan ýörite nyşan bilen üpjün edildi.

Awtoulagyň salonynda goňur deri we gözenekli mata ulanyldy. Salonda mata ulanmak baradaky piki dizaýneriň ogly Marka degişli bolup, ol kakasynyň hut şeýle matadan tikilen kurtkalary geýmegi gowy görendigini belleýär.
Geçiriji gutusynyň agaçdan ýasalan tutawajyna Porşeniň goly haşamlanyp ýazyldy. Şeýle ýazgy we "One of 90" diýen ýadygärlik tagtajygy ulagyň içki panelinde hem ýerleşdirildi.

Awtoulagy satyn alanlara salonyň bezegindäki materiallardan taýýarlanan syýahat sumkasy we Porsche Design tarapyndan öndürilen ýörite goşar sagady sowgat berler. Bu sagadyň dizaýny 1972-nji ýylda Ferdinand Aleksandr Porşeniň özi tarapyndan döredilen meşhur "Chronograph I" modeliniň stilinde taýýarlandy.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....