Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi

  • 18.10.2025 06:59
  • 2.4k+

Porsche kompaniýasy SMEG italýan brendi bilen bilelikde döredilen hojalyk enjamlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Oňa hem çäkli çykaryljak eksklýuziw modeller, hem köpçülige elýeterli boljak enjamlar girdi.

Kolleksiýanyň esasy predmetleri 1970-nji ýylda “Le-Manyň 24 sagadynda” ýeňiş gazanan Porsche 917 ýaryş awtomobiliniň stilinde bezelen sowadyjy we kofemaşyn boldy. Olaryň korpusy ak tegelek we 23 belgisi bilen Salzburg Red gyzyl reňkine boýaldy we gara öwüşginler bilen üsti ýetirildi. Ýeňiş ýylynyň şanyna her modelden jemi 1970 nusga çykarylar.
Şeýle-de, hatara çäksiz öndüriljek sowadyjy, çäýnek, blender we toster girdi. Bu enjamlar Porsche-niň awtomobil palitrasyndan Carrara White Metallic we Shade Green Metallic reňklerine boýaldy, käbir elementler gara reňke eýe boldy.
Öndüriji anyk ylham çeşmesini görkezmese-de, käbir dizaýn elementleri 911 GT3 RS sport modelini ýada salýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....