Subaru ygtybarlylyk reýtinginde Toyota, BMW we Porsche brendlerinden öňe geçdi

  • 09.12.2025 21:27
  • 3.9k+

Consumer Reports neşiri iň ygtybarly modelleriň täze reýtingini hödürledi. Sanawda yzygider ikinji ýyl Subaru birinji orny eýeledi. Brend Toyota we Honda markalaryndan, şeýle-de BMW we Porsche ýaly premium öndürijilerden öňe geçdi.

Bilermenler ýol synaglarynyň netijelerine, ýakyn ýyllarda döwülmeleriň bolmak ähtimallygyna, howpsuzlyk derejesine we sürüjileriň synlaryna baha berdi. Bu maglumatlar Consumer Reports-yň synagdan geçiren modelleri boýunça ýygnaldy.
Ahyrky sanawda ikinji we üçünji orunlary BMW we Porsche eýeledi. Olaryň yzyndan Honda, Toyota we Lexus gelýär.
Şeýle-de, ilkinji onluga Lincoln, Hyundai, Acura we Tesla girdi. Hasabatda Tesla-nyň ygtybarlylygyň ýokarlanmagy netijesinde ornuny gowulandyrandygy bellenilýär.
Görkezijileriň jemi boýunça 31 brendden ybarat sanawda iň soňky orunlary Jeep we Land Rover eýeledi.
Aýry-aýry modeller deňeşdirilende, ýagdaý üýtgeýär: ygtybarlylyk boýunça birinji orny Toyota eýeleýär, soňra Subaru, Lexus, Honda we BMW gelýär.
Hasabatda hereketlendirijileriň görnüşi boýunça tapawutlar hem görkezilýär. Gibridler benzinde işleýän awtomobiller bilen deňeşdirilende 15% has ygtybarly boldy. Birikdirilýän gibridler we elektromobiller eýelerinden köp şikaýat aldy, ýöne elektromobilleriň arasynda «ortaça we ýokary» ygtybarlylygy görkezen modeller hem peýda bolup başlady.
Gözleg 2000-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda çykarylan ulaglaryň, takmynan, 380 müň eýesinden pikir soraşmalara esaslanýar.


düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......