Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen awtomobilleriň satuwy 3-nji sentýabrda başlanmaly.
Iň uly üýtgeşmeler 2022-nji ýyldan bäri öndürilýän Crown Crossover modelinde bolar. Bu model kuzowyň täze iki reňkli görnüşlerini, boýalmadyk plastigiň ýerine bolsa ýalpyldawuk gara elementleri alar, onuň RS wersiýasynda bolsa gyzyl tormoz supportlary peýda bolar.
Deslapky maglumatlara görä, kompaniýa gibrid güýç gurluşyny hem kämilleşdirip, elektromotoryň kuwwatyny artdyrar, rul arkasyndaky tizlik geçiriji mäşeler bolsa indi başlangyç üpjünçilige giriziler.
2023-nji ýylda hödürlenen Crown Sport modeli üçin täze PHEV Z üpjünçiliginiň bolmagyna garaşylýar, ol adaty gibrid wersiýalar bilen iň ýokary PHEV RS wersiýasynyň arasyndaky orny eýelär. Şeýle hem salonyň täze bezeg görnüşleriniň we bezeg elementleriniň bolmagy mümkin.
Crown sedany bolsa üpjünçiligiň täzelenen sanawyny alar. Başlangyç wersiýanyň HEV G gibrid modifikasiýasy bolmagyna garaşylýar.
Üç modeliň hemmesi üçin umumy täzelik — standart üpjünçilige giriziljek sanly açar we adaty brelogyň täze dizaýny bolar.
Ýaponiýanyň dilerleriniň berýän maglumatyna görä, sargytlary kabul etmek işi iýul aýynyň ahyrynda ýa-da awgustyň başynda başlap biler.

