BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady

  • 01.02.2026 16:48
  • 9.3k+

​29-njy ýanwarda  awtomobil senagatynda bäsdeşler özara göreşi bir gapdala goýsalar-da, degişmeden ýüz öwürmediler.
​Şu senede Karl Benziň özüniň «Motorwagen» ulagyna patent alan gününiň 140 ýyllygy doldy. Häzirki zaman düşünjesindäki awtomobil taryhy edil şu seneden başlanýar diýlip hasaplanýar. Bu gün oýlap tapyjynyň mirasyny göni dowam etdirýän brend Mercedes-Benz-dir we bu marka pudak boýunça "kärdeşleriniň" gutlaglaryň uly akymyny aldy. Olaryň käbirlerine "özboluşly häsiýet" mahsus boldy.
​BMW hatda bäsdeşiniň ýubileýinde-de özüni ýatlatmagy ýüregine düwdi. Bawariýaly öndürijiler gutlagynda öz filosofiýasyna ünsi çekdiler: «Karl Benziň awtomobili oýlap tapmagy nähili gowy boldy. Indi bolsa biz maşyn sürmek boýunça  lezzeti oýlap tapyp bileris».
​Bu habar Benziň portretleri we BMW iX3 elektrik krossoweriniň suraty bilen utgaşdyryldy.

​Porsche bolsa has sylaşykly we pelsepewi äheňi saýlap aldy. Kompaniýa Mercedes-Benz bilen umumy taryhyny, awtosportdaky ýeňişlerini we inženerçilik hyzmatdaşlygyny ýatlady: «Awtomobiller diňe bir biziň bedenimizi götermek üçin däl, eýsem ruhumyza täsir etmek üçin döredilendir».
​Bu neşir dürli döwürleriň Mercedes modelleriniň suratlary bilen bezeldi.

​Gutlaglara şeýle hem Audi, Cadillac, Volvo we birnäçe hytaý brendleri — Geely, Xiaomi, Lixiang hem-de Nio goşuldy.
​Mercedes-Benz topary bolsa bu ýubileýi diňe bir sözler bilen däl, eýsem uly täzelik bilen belledi: kompaniýa bu sene mynasybetli özüniň iň naýbaşy modeli bolan S-klass sedanynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......