"Öýe hoş geldiňiz!": Täzelenen Mercedes-Benz S-Class çykdy

  • 30.01.2026 15:34
  • 5.9k+

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň kaşaň S-Class sedanynyň täzelenen görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Öndürijiniň habar bermegine görä, bu modeldäki şaýlaryň we komponentleriň ýarysyndan gowragy täzelendi ýa-da kämilleşdirildi. Täze modeliň tanyşdyrylyşy awtomobiliň oýlap tapylanyna 140 ýyl dolmagyna bagyşlandy.

Täze model ýylyň ikinji ýarymynda awtosalonlarda peýda bolar. Ýewropada eýýäm sargytlar kabul edilip başlandy; doly çekiji ulgamly (4Matic) S 350d wersiýasynyň başlangyç bahasy 121 356 ýewrodan başlanýar.
Radiator gözeneginiň göwrümi 20% ulaldyldy we kompaniýa mahsus ýyldyzjyklar bilen bezeldi. Modeliň taryhynda ilkinji gezek kapotyň üstündäki Mercedes ýyldyzy yşyklandyrma bilen üpjün edildi. Üç şöhleli elementli täze faralar 40% has netijeli bolup, uzak aralygy 600 metre çenli yşyklandyrýar. Goşmaça töleg bilen has sport stilindäki dizaýn elementlerini almak mümkin. Müşderiler üçin kuzowyň 150 sany reňk öwüşgini we salonyň 400 sany bezeg görnüşi hödürlenýär.
Sedanyň içerki dizaýny düýpli özgerdildi. Ekranlar indi birleşdirilmän, aýratynlykda gurnaldy. Howa çalşyjy wentilýasiýa deşikleriniň ýagdaýyny awtomatiki üýtgetmek funksiýasy we 8 sany ýatda saklaýjy tertibi goşuldy. Şeýle-de, gyzdyrylýan howpsuzlyk kemerleri peýda boldy. Yzky ýolagçylar üçin "ottoman" görnüşli (aýagyňy uzadyp goýup bolýan) rahat oturgyçlar, stoljyklar we dolandyryş pultly multimedia ekranlary göz öňünde tutulypdyr. 39 dinamikli 4D ses ulgamy bolsa hakyky akustiki lezzet berýär.
Hereketlendirijiler hatarynda 
S 580 üçin 537 at güýjüne eýe bolan 4.0 litrlik turbo-V8 bar. Benzinli modellerde 3.0 litrlik, 381 we 449 at güýçli motorlar, gibridlerde diňe tok bilen 100 km-den gowrak ýol geçip bilýän "plug-in" gibrid wersiýalary hem bolar.
Meşhur V12 motor saklanyp galdy, ýöne ol diňe sowutly (bronirlenen) modeller üçin niýetlenendir.


23.05.2026 15:59
4.9k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.7k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....