1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

  • 03.06.2026 11:52
  • 7.4k+

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip, «Bring a Trailer» neşiri ýazýar.

Awtomobil Mercedes-Benz W126 S-Class modeliniň esasynda guruldy. Satyjynyň aýtmagyna görä, kämilleşdirme işleri maşyn täze wagty AMG Japan bölümçesi tarapyndan ýerine ýetirildi. Sedan 6,0 litrlik V8 M117/9 hereketlendirijisi we dört basgançakly awtomatik geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyryldy.

Ilkibaşda awtomobil «Blue Black Metallic» (gök-gara) reňkine boýalan hem bolsa, soň ol «Astral Silver Metallic» kümüşsöw reňkini aldy. Ulagyň daşky görnüşine täze bamperler, gapdal elementler we bagažlygyň gapagyndaky uly bolmadyk spoýler bilen AMG aerodinamiki bukjasy goşuldy.

Sedan OZ Racing kompaniýasy tarapyndan öndürilen 17 dýuýmlyk üç bölekli AMG Aero III tigir diskleri, AMG sport asgysy (podweska), ýokary sürtülmeli differensial we AMG goşa gaz çykaryjy ulgamy bilen üpjün edildi.

Awtomobiliň geçen ýoly 74 müň kilometr. Salonda gyzdyryş ulgamly gara deri oturgyçlar, agaç bezegleri, klimat dolandyryş, kruiz dolandyryş we yzky ýolagçylar üçin ýörite kiçi stollar ýerleşdirilendir. Şeýle hem interýerde AMG/MOMO ruly, AMG transmissiýa gutusynyň agaçdan tutawajy we Becker audioulgamy bar. Spidometr 300 km/sag çenli görkezýär.

Satyjynyň maglumatyna görä, 2026-njy ýylda kuzowyň aşaky bölegi gury buz usuly arkaly arassalandy. Häzirki eýesiniň ulanýan döwründe salondaky agaç elementleriň bir bölegi täzelendi we bagažlygyň gapagy gaýtadan boýaldy.

«Carfax» hasabatyna görä, ulagyň ýol heläkçiligine uçrandygy ýa-da oňa çyzykly zeper ýetendigi barada hiç hili ýazgy ýok. Şol bir wagtyň özünde, awtomobil Kaliforniýa ştatynyň ekologiki barlagyndan entek geçmändir.


21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....