Mansory karbon elementlerine eýe bolan üýtgeşik Porsche 911 Turbo S Cabriolet-i hödürledi

  • 12.08.2025 09:41
  • 2.6k+

Mansory týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S Cabriolet-iň aýratyn týuning wersiýasyny hödürledi. Bu model P9LM EVO 900 adyny aldy we bary-ýogy ýedi nusgada çykarylar.

Awtomobil täze kuzow elementleriniň netijesinde özüne çekiji daşky keşbe eýe boldy. Detallaryň köpüsi, şol sanda kapot, öňdäki bamper, tigir arkalaryny ulaldyjylar, gapdal goşundylar we yzdaky uly anti-ganat mermer nagyşly karbondan taýýarlandy. Yzda täze diffuzor we üç sany gaz çykarýan turba oturdyldy.
FV.5C tigirleriniň ululygy dürli (öňdäkiler 21 dýuým, yzkylar 22 dýuým) bolup, karbon ulanmak bilen taýýarlandy. Awtomobiliň salony ak bezeg elementleri bilen gara reňkde ýerine ýetirildi.
Güýç enjamy hem üýtgeşmä sezewar boldy. Turbinaly 3,8 litrlik alty silindrli oppozit hereketlendiriji indi, takmynan, 887 at güýjüni berýär. Aýlanma güýji hem artdyryldy we indi 1050 Nm barabar. Bu hereketlendirijiniň adaty wersiýasy 640 at güýjüni we 800 Nm aýlanma güýjüni berýär.
Mansory ulagyň tizligini artdyrma wagty we iň ýokary tizligi barada entek maglumat bermedi, ýöne olaryň hem kämilleşmegine garaşylýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....