Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

  • 18.03.2026 15:16
  • 2.5k+

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär.

Çemedanlaryň daşky panelleri anodlaşdyrylan alýuminden ýasalýar. Öndüriji Porsche awtoulag konweýerlerinde ulanylýan tehnologiýany ulanýandygyny aýdýar. Korpusyndaky relýefli gabyrgalar 911 Targa modeliniň kese howpsuzlyk ýaý halkalarynyň şekilini ýatladýar. Gyrdalan burçlary transportirowka edilende we uçara ýüklenen wagtynda bagaža düşýän agramy azaltmak üçin niýetlenendir.

Gulpunyň ýapylýan sesi awtoulagyň gapysynyň şarkyldap ýapylýan sesine meňzeýär diýip aýratyn bellenilýär.

Çemedanlar ýörite podşipnikli tigirçekler we iki tutawaç bilen üpjün edilen. Olar alýuminden ýa-da deriden ýasalandyr. Dürli reňkli tutawaçlaryň toplumyny goşmaça 135 dollara satyn alyp bolýar. Ätiýaçlyk tigirleriň bahasy ölçegine baglylykda 145 dollara çenli.

Porsche awtoulaglaryndan tapawutlylykda, çemedanlar diňe iki reňkli: kümüşsöw we gara korpusda bolýar.


şu gün 09:56
273

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....