Porsche taryhda iň kuwwatly 911 Turbo S sportkaryny hödürledi

  • 12.09.2025 18:19
  • 3.8k+

Porsche öndürijisi 992.2 indeksi bilen iň kuwwatly täzelenen 911 Turbo S sportkaryny hödürledi. Esasy üýtgeşme hereketlendirijiniň kuwwatynyň ýokarlanmagy boldy, şeýle-de awtomobiliň daşky görnüşinde käbir täzelenmeler peýda boldy.

911 Turbo S-iň daşky görnüşinde optika gaýtadan işlendi – firma alamatyna öwrülen dört yşyk diodly nokat has inçe we aýdyň boldy, öňdäki bamper sowadyşy gowulandyrmak üçin dik howa ýygnaýjylaryny aldy, yzda täze diffuzor oturdyldy.
Esasy üýtgeşmeler tehniki aýratynlyklara degişli. Awtomobil elektrik turbokompressorly 3,6 litrlik hereketlendirijä eýe boldy. Kuwwat 701 at güýjüne çenli artdyryldy we bu öňki 992.1 modelinden 61 at güýji köpdür. 96 km/sag çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt, 200 km/sag çenli – 8,4 sekunt wagt alýar. Iň ýokary tizlik 320 km/sag ýetýär.
Täzelenen Porsche 911 Turbo S-iň satuwy 2026-njy ýylyň ýazynda ABŞ-da başlar. Carscoops-yň maglumatlaryna görä, kupeniň bahasy 270 300 dollardan, kabriolet – 284 300 dollardan başlaýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....