Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi

  • 14.01.2026 10:40
  • 4.2k+

Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi.

Haidaxing ECC seljeriş platformasynyň maglumatlaryna görä, bir aýyň dowamynda bu modeliň 4 376 sanysy satyldy. Bu görkeziji agzalan baha segmentindäki iň ýakyn üç bäsdeşiň umumy satuwyndan hem köp boldy.
Bäsdeşleriň görkezijileri aşakdaky ýaly:

  • Porsche Panamera: 1 593 sany (2-nji orun).
  • BMW 7 Series: 1 429 sany (3-nji orun).
  • Maybach S-Class: 1 118 sany (4-nji orun).

Mercedes-Benz S-Class bir aýda diňe üç belgili görkezijini gazanyp, 923 sany satyldy. Audi A8 bolsa has pes netije bilen 511 sany satuw amala aşyrdy.
Şeýlelikde, Maextro S800 diňe bir reýtingde birinji bolmak bilen çäklenmän, eýsem Hytaýyň ultra-premium segmentinde dünýä belli brendleri yzda galdyryp, öň görlüp-eşidilmedik agdyklyk görkezdi. Bu üstünlik Huawei-iň awtoulag senagatyndaky täsiriniň barha artýandygyny tassyklady.


şu gün 09:56
273

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......