Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

  • 12.10.2025 22:59
  • 1.6k+

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi.

Kararyň sebäpleri resmi taýdan açyklanmady. Porsche-niň ösüş boýunça ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy Mihael Ştaýner bu ädimiň “häzirki ýagdaýlar” bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri kompaniýanyň bu karary çykdajylary azaltmak we elektrikleşdirmäge has köp üns bermek maksady bilen kabul edendigini belleýärler.
Bu çaklamany gytaklaýyn Porsche-niň Formula E çempionatyndaky gatnaşygyny dowam etdirmegi hem tassyklaýar — kompaniýa şol ýerde geljekki elektrik ulaglary üçin täze tehnologiýalary ösdürýär.
Şol bir wagtda nemes brendi Demirgazyk Amerikanyň IMSA ýaryş seriýasynda, ýagny meşhur “Daýtonanyň 24 sagady” ýaryşynda çykyş etmegini dowam etdirer. Bu hem Porsche-niň Demirgazyk Amerika bazaryna strategik taýdan uly ähmiýet berýändigini görkezýär.


13.05.2026 23:24
3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.7k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......