Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi

  • 19.06.2025 11:10
  • 2.7k+

Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda iki sany täze rekord goýdy.

Arap ýaryşa gatnaşyjysy Ramez Azzam Abu-Dabidäki “Ýas Marina” ýoly boýunça aýlawy 2 minut 7,2 sekuntda geçdi. Bu “Formula-1-iň” Gran-prisiniň geçirilýän awtodromynda köpçülikleýin elektromobiller üçin täze rekord boldy.
Ýene bir rekord amerikaly Patrik Long tarapyndan goýuldy. Ol “Roud Atlanta” ýolunda köpçülikleýin elektromobil üçin iň gowy wagty görkezdi – 1 minut 27,1 sekunt.


Ozal Taycan Turbo GT Braziliýadaky “Interlagos” awtodromynda, Şanhaýdaky Halkara awtodromynda we ABŞ-daky “Laguna Seka” ýolunda hem iň gowy wagty görkezipdi.
Taycan Turbo GT modeli Porsche-niň iň kuwwatly köpçülikleýin awtomobilidir. Onuň iň ýokary kuwwaty 760 kWt (1030 at güýji) barabar. Elektromobil 100 km/sag çenli tizligini 2,3 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizlik bolsa 305 km/sag ýetýär. Ulagyň bir zarýadda geçýän menzili 444 kilometre barabar.
Birnäçe gün öň Xiaomi kompaniýasy hem Nýurburgring ýolunda köpçülikleýin elektromobil üçin täze aýlaw rekordyny goýandygyny habar berdi. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....