Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

  • 05.06.2026 18:16
  • 6.3k+

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler.

"Mitsubishi-niň" ýolbaşçysy Takao Katonyň habar bermegine görä, modele şu onýyllygyň ahyrlaryna golaý garaşmaly. Deslapky maglumatlara görä, onuň esasyny 2028-nji ýylda tanyşdyrylmagyna garaşylýan indiki nesil "Nissan Frontier" düzer.

Pikapyň önümçiliginiň "Nissan-nyň" demirgazyk amerikan zawodynda guraljakdygy çaklanylýar. Iki modeliň hem bir önümçilik hatarynda çykarylmagy ähtimal.

CarBuzz neşiriniň ýazmagyna görä, orta ölçegli pikaplar ABŞ-nyň bazarynda ýyllyk möçberi 600 müň awtoulaga ýetýän islegli segment bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, täze "Mitsubishi" modeli "Toyota Tacoma" we "Ford Ranger" ýaly awtoulaglar bilen bäsleşmeli bolar.

Ýakynda häzirki "L200" pikapynyň täze nesil "Mitsubishi Pajero" wnedorožnigi (ýolsuz ýerlerde ýöreýän ulagy) üçin esas boljakdygy mälim boldy. Kompaniýa eýýäm modeliň yzyna dolanjakdygyny tassyklady, ilkinji tizerini çap etdi we tanyşdyrylyşynyň güýz aýyna meýilleşdirilendigini habar berdi.


şu gün 08:11
1.3k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.3k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......