Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

  • 02.06.2026 20:53
  • 4.9k+

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar.

Täze wnedorožnigi öndürmek meýilnamalary barada entek ýylyň başynda, kompaniýanyň ralli ýaryşyna gatnaşmagyna bagyşlanan wideoroligiň çap edilmeginden soň belli bolupdy. Indi öndüriji täze ramaly "Pajero-ny" tanyşdyrmaga taýýarlanýandygyny habar berdi.

Modeliň birinji nesli 1982-nji ýylda bazara çykaryldy. Dördünji nesil 2006-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli öndürildi, aýry-aýry bazarlarda bolsa awtoulag "Montero" we "Shogun" atlary bilen satyldy.

"Mitsubishi-de" täze "Pajero-nyň" "Triton/L200" pikapynyň berk ramaly gurluşyny aljakdygyny habar berdiler. Ýolagçy wersiýasy üçin asma ulgamy ýörite sazlanar. Kompaniýa geljekki wnedorožnigi brendiň täze flagmany diýip hem atlandyrdy.

Öndüriji modeliň ilkinji tizerini (gysga mahabatlandyryşyny) çap etdi. Suratda öňki yşyklandyryş ulgamlarynyň wertikal bloklarynyň giň, ýanyp duran zolak bilen birleşdirilendigi görünýär.

Tehniki häsiýetnamalary entek mälim edilmedi. Bazara baglylykda, "Triton" pikapy 204 at güýjüne eýe bolan 2,4 litrlik bi-turbo dizel hereketlendirijisi, 150 ýa-da 184 at güýjündäki turbo-dizeller, şeýle hem 128 at güýjündäki 2,4 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen üpjün edilýär. Model mehaniki ýa-da awtomatiki geçiriji gutusy, yzky ýa-da doly geçirijili ulgam bilen elýeterlidir.

Täze "Pajero-nyň" gibrid hereketlendiriji ulgamyny almagy hem ähtimal. Wnedorožnik baradaky jikme-jik maglumatlar soňrak mälim ediler.


21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....