Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

  • 19.05.2026 21:18
  • 6.7k+

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada «CarNewsChina» neşiri ýazýar.

Şeýle tehnologiýalary ilkinjileriň biri bolup BYD kompaniýasy ulanyp başlady. Denza B8 (Fang Cheng Bao Leopard 8 brendi bilen hem satylýar) gibrid ýolsuzlyk awtomobilinde gurnalan «DiSus-P Ultra» asgy ulgamy her bir tigriň kuzowa görä ýagdaýyny üýtgetmäge we üç tigre daýanyp, durnuklylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Awtomobil zeper ýeten tigri ýola degirmezden, sagatda 15 km çenli tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr.

Tigri çalyşmak režiminde ulgam galdyrgyç ulanmazdan, her bir tigri gezekli-gezegine galdyrýar. Asgy ulgamynyň kömegi bilen olaryň birini galdyrmak üçin bir minutdan hem az wagt gidýär, çalyşmagy bolsa iki minutda diýen ýaly amala aşyryp bolýar. «DiSus-P Ultra» asgy ulgamy 9 tonna galdyryş güýjüni döredýär, ol agyr ýolsuzlyk awtomobiline çägeli ýerlerden çykmaga hem kömek edýär.

Şeýle mümkinçilikler beýleki hytaý modellerinde hem peýda boldy. Huawei-niň goldawy bilen çykarylýan Aito M9 krossoweri hem üç tigirde hereketini dowam etdirmäge ukyplydyr. Şuňa meňzeş tehnologiýa Li Auto L9 Livis flagman krossowerinde hem peýda boldy.

Şol bir wagtda öndürijiler dürli tehniki çözgütleri ulanýar. Li Auto we Aito modellerinde gidrawlik ulgam ulanylsa, BYD-yň Yangwang U7 sport awtomobili ýagsyz işleýän elektromagnit aktualatorlary ulanýar.


şu gün 06:54
1.1k+

Hyundai islegiň peselmegi sebäpli iň soňky uniwersal modelini çykarmagy bes eder

Hyundai kompaniýasy i30 Wagon uniwersalynyň önümçiligini bes etmek barada netijä geldi. Ol markanyň bu kuzow görnüşindäki iň soňky modelidi. Bu çözgüt barada Hyundai Motor Europe kompaniýasynyň prezidenti we......

düýn 21:54
2.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.6k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......