Hyundai kompaniýasy i30 Wagon uniwersalynyň önümçiligini bes etmek barada netijä geldi. Ol markanyň bu kuzow görnüşindäki iň soňky modelidi. Bu çözgüt barada Hyundai Motor Europe kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Ksawýe Martine «Auto Express» neşirine beren interwýusynda mälim etdi.
Ol bu ädimi dünýäde uniwersal ulaglara bolan islegiň peselmegi we satyn alyjylaryň gyzyklanmasynyň krossowerlere hem-de ýolsuzlyk ulaglaryna tarap üýtgemegi bilen düşündirdi.
Martineniň sözlerine görä, uniwersal segmenti indi ösüş görkezmeýär, şeýle awtomobilleriň esasy satuwy bolsa korporatiw awtoparklara degişli bolup, ol ýerde öndüriji üçin düşewüntlilik hem pes bolmagynda galýar.
i30 Wagon modeli 2007-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýär. Onuň ikinji we üçünji nesilleri, degişlilikde, 2011-nji we 2017-nji ýyllarda hödürlenilipdi, dürli bazarlarda bolsa bu ulag CW, SW we Kombi atlary bilen satyldy. Uniwersal modeli önümçiligi eýýäm bes edilen Kia Ceed SportsWagon bilen birmeňzeş platformada gurlupdy.
i30 Wagon modeliniň häzirki wagtda käbir Ýewropa bazarlarynda, şol sanda Germaniýada, Ispaniýada, Italiýada we Fransiýada sargyt etmek üçin entek elýeterli bolmagyna garamazdan, bu modeliň gönüden-göni oruntutary bolmaz.
Hyundai kompaniýasy boşan serişdelerini has uly isleg bildirilýän segmentleri ösdürmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa Bayon, Kona we Tucson modelleriniň täzelenen wersiýalaryny taýýarlaýar, şeýle hem täze i20 hetçbeginiň Ýewropa wersiýasyny tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, deslapky maglumatlara görä, i30 maşgalasy nobatdaky restaýlingi alar, Elantra sedany bolsa Ýewropa bazaryna gaýtadan dolanyp biler.

