Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

  • 21.05.2026 11:31
  • 6.1k+

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy.

Täze awtoulag özboluşly stil çözgütlerini we öňdebaryjy tehnologiýalary hödürleýär, bu bolsa oňa Rolls-Royce ýaly dünýä liderleri bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär, ýöne bahasy olardan iki esse diýen ýaly arzandyr — takmynan, 2 million ýuan (294 000 dollardan gowrak). Deňeşdirmek üçin, Rolls-Royce Ghost modeliniň Hytaýdaky bahasy tas 739 000 dollara barabar.

«Carscoops» neşiriniň ýazmagyna görä, uzynlygy 5480 mm bolan bu dört orunlyk awtomobil iki reňkli kuzowy bilen tapawutlanýar. Hakyky altyn çaýylan bezegler awtomobiliň kapodyna, disklerine, gapdal çyzyklaryna, logotiplerine we yzky tarapdaky ýazgylaryna goýlupdyr. Salonda bolsa üç gatly ekran, agramsyzlyk effektli oturgyçlar, lazer proýektory we 43 sany dinamigi bolan Huawei premium audio ulgamy bar.

Tehniki bölegi Huawei Qiankun ADS 5.0 sürüjä kömek ulgamyny, üçekde ýerleşdirilen 896 çyzykly LiDAR ulgamyny we kuzowyň orta sütünlerindäki goşmaça kameralary öz içine alýar.

Maextro S800 Grand Design modeli üçin iki dürli güýç enjamy saýlap almaga elýeterlidir:

  • Doly elektrik görnüşi: umumy kuwwaty 390 kWt (523 at güýji) bolan iki motorly doly çekiji ulgam we 97 kWt·s batareýa bilen üpjün edilýär.
  • Ýol ätiýajyny uzaldyjysy bolan görnüş (EREV): generator wezipesini ýerine ýetirýän 1,5 litrlik benzinli turbo hereketlendirijini, üç sany elektromotory we ykjam batareýany (63 kWt·s) özünde birleşdirýär. 

Täze model Hytaýyň diler merkezlerine iýun aýynda gelip başlar. Bu model ýurtda bahasy 100 000 dollardan gymmat bolan awtomobilleriň arasynda eýýäm sekiz aý bäri iň köp satylýan ulaglaryň sanawynyň başyny çekýär, umumy üpjünçilik bolsa bolsa 17 müňden geçdi.


düýn 11:18
3.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......