Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

  • 07.06.2026 19:58
  • 1.7k+

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasy Monsadaky ýaryş wagtynda boldy.

Ýubileý awtoulagy standart "GT2 Stradale" wersiýasyndan diňe korpusynyň reňki bilen tapawutlanýar. Ýöne täze reňkler tertibi markanyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Onuň üçin 1950-nji ýyllarda Huan Manuel Fanho tarapyndan sürlen rowaýaty "Maserati 250F" ýaryş awtoulagynyň daşky görnüşi esas edilip alnypdyr. Ol bu ulagy sürüp, iki gezek çempionlyk derejesini gazandy.

"Maserati 250F-de" Stirling Moss hem ýeňişler gazanypdy, 1958-nji ýylda bolsa Mariýa Tereza de Filippis bu awtoulag bilen Gran-priniň kwalifikasiýasyny ýeňen taryhdaky ilkinji zenan boldy.

Ýubileý "GT2 Stradale-niň" korpusy öň tarapynda sary zolak we ak start nomeri bilen gyzyl reňke boýalypdyr. Yzky direglerinde bolsa üç dişli nyşanyň sary şekilleri ýerleşdirilipdir. "Maserati" bu reňkler tertibiniň modeli satyn alýan müşderiler üçin elýeterli boljakdygyny tassyklady, ýöne bu goşmaça opsiýanyň bahasy we öndüriljek möçberi entek mälim edilmedi.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýa meňzeş usulda ýasalan "GT2" ýaryş wersiýasyny hem görkezdi.

"GT2 Stradale" "MC20" modeliniň esasynda gurlup, 2024-nji ýylda ilkinji gezek tanyşdyrylan pursadynda markanyň iň ekstremal ýol awtoulagy hasaplanýardy. Awtoulag ýeňilleşdirilen korpus gurluşyny, kämilleşdirilen aerodinamikany, güýçlendirilen hereketlendirijini we ýaryş ýollarynda ulanmaga gönükdirilen şassi sazlamalaryny aldy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....