"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

  • 08.06.2026 16:02
  • 2.1k+

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy “Ferrari-ä” degsindi.

Ýapon markasynyň Irlandiýadaky edarasy iki ulagyň hem gapdal tarapyny görkezýän surat çap etdi. Onda meňzeş sudur, kontrast gara düşekçe we korpusyň gyralarynyň çyzgylary görkezilýär.

Ulanyjylaryň arasynda "Ferrari täze sahypadan (iňlis dilinde "leaf" — ýaprak/sahypa manysyny berýär) başlamaga synanyşdy" diýen ýaly söz oýnatmalary döräp başlady. “Nissan-yň” wekilleri bu hili degişmeleri goldamakdan çekinmediler — kompaniýa çap edilen deňeşdiriji surata: "Boýun alýarys, bu bizi buýsandyrýar" diýen ýazgy goşuldy.

"Ferrari Luce" atly iň täze elektrik awtoulagy 25-nji maýda tanyşdyryldy. Onuň dizaýnyny "Apple-den" gaýdan Joni Aýw we Mark Nýuson tarapyndan döredilen "LoveFrom" studiýasy işläp düzdi. Model 1050 at güýjüne eýe bolan dört sany elektrik hereketlendirijisini aldy we 100 km/sag tizlik çägine 2,5 sekuntda ýetýär, onuň başlangyç bahasy bolsa 520 müň ýewrodan başlanýar.

Tanyşdyrylyş dabarasyndan dessine soň, "Ferrari-niň" paýnamalary wagtlaýyn 8% (348 dollardan 331 dollara çenli) pese düşdi, ýöne tiz wagtda görkezijiler öňki derejesine gaýdyp geldi we häzirki wagtda paýnama başyna takmynan 340 dollar derejesinde söwda edilýär.


düýn 21:54
1.5k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
2k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......