Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy

  • 15.11.2025 00:14
  • 8.9k+

Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi.

"Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy. Neşir edilen wideoýazgyda robotyň "Rokki" filminiň aýdymynyň astynda iki adamyň ýanynda sahnada çykýandygy, birnäçe ädim ädýändigi, elini galgadyp salam bermäge synanyşýandygy we soňra bolsa tekiz ýerde ýykylýandygy görünýär. Şondan soň tanyşdyryş kesildi we robot sahnadan aýryldy.
"Aýdol" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Wladimir Wituhin bu meseläniň stereo kameralar sebäpli ýüze çykandygyny, sebäbi olaryň ýagtylyga duýgur bolandygyny, zalyň bolsa garaňkydygyny düşündirdi.
Ikinji gezek sahnada çykanda, "Aýdol" eýýäm operatorlaryň kömegi bilen aýakda durmagy başardy. Wituhin robotuň ähli zatlarynyň oňatdygyny goşdy we şeýle kynçylyklaryň ulgamy kämilleşdirmäge kömek edýändigini nygtady. Ol: "Bu, hakyky wagtda şowly ýalňyşlygyň bilime, şowsuz ýalňyşlygyň bolsa tejribä öwrülip öwredýän ýagdaýydyr. Bu ýalňyşlyk tejribä öwrüler diýip umyt edýärin" diýip belledi.
Işläp düzüjiler "Aýdolyň" ýöremäge, zatlary dolandyrmaga we adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ukyplydygyny habar berdiler. Ol alty sagada çenli özbaşdak işläp bilýär.
Robotyň bölekleriniň 77%-niň Russiýada öndürilendigi bellenilýär; geljekde bu görkezijini 93%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
Robotyň "ýüzi" azyndan 12 esasy duýgyny, şeýle hem "ýüzlerçe" mikro-aňlatmalary görkezip biler. Döredijileriň pikirine görä, şeýle maşynlar zawodlarda, logistika pudagynda, howa menzillerinde, banklarda we hyzmat ediş ulgamynda ulanylyp bilner.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....