Bostonyň howa menzili awtoduralgada ýatdan çykarylan ulaglary satýar

  • 20.11.2025 11:57
  • 12k+

Bostonyň (ABŞ) "Logan" howa menzili eýeleri tarapyndan duralgalarda taşlanan 71 sany awtoulagy auksiona goýdy.

Ulaglaryň nähili ýagdaýdadygy öňünden belli däl, resminamalary we açarlary ýok, akkumulýatorlary çöken. Awtoulaglar "bolşy ýaly" satylýar. Alyjylar olary auksiondan soň dessine ulagy alyp gitmeli diýip, CBS News habar berýär.
Auksiona goýlan ulaglaryň içinde dürli modeller bar. 1993-nji ýylyň Jaguar XJ modelinden başlap, 2020-nji ýylyň Kia Telluride-yna çenli bar.
Şeýle hem Ford, Toyota, Nissan, Volkswagen, Chevrolet, Honda, Hyundai, Jeep, Cadillac we Mercedes-Benz ýaly beýleki meşhur markalaryň ulaglary hem hödürlenýär.
Ulaglaryň näme üçin taşlanyp gidilendigi näbelli bolmagynda galýar. Massaçusets ştatynyň kanunyna laýyklykda, awtoulag duralgasynda taşlanan ulag üçin birinji gezek: 250 dollar jerime, soňky gezekler 500 dollar jerime salynýar.
Käbir ýagdaýlarda, ulagyň eýesi üç aýlap sürüjilik hukugyndan mahrum edilip ýa-da bir ýyllap başga ulagy bellige aldyrmak gadagan edilip bilner.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......