Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

  • 02.06.2026 12:41
  • 3.4k+

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

Yzyna çagyrmagyň sebäbi «HPCU» blogundaky «MOSFET» tranzistory boldy, ol ýokary ýüklenmelerde gyzyp bilýär. Köp halatlarda bu ýagdaý awtoulagy işledip bolmazlyga ýa-da onuň serwis tertibine (awariýnyý režim) geçmegine getirýär. Käbir ýagdaýlarda bolsa, gyzmaklyk ýerli ýylylyk zeperlenmelerini ýetirip we ýangyna sebäp bolup bilýär.

Derňew meseläniň enjamlaýyn bölekde däl-de, programma üpjünçiliginde bolandygyny görkezdi. Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, dolandyryş ulgamy ýokary ýüklenmelerde «HPCU» bloguny ýeterlik derejede sowadyp bilmeýär.

Hyundai meseläni 2024-nji ýylyň ahyrynda öwrenip başlady. 2025-nji ýylda kompaniýa näsazlygy bolan awtoulagy derňedi we birnäçe tehniki barlaglary geçirdi. Netijede şol bir bölegiň gaýtalanyp durýan näsazlygy ýüze çykaryldy.

Häzirki wagtda dört sany hadysa hasaba alyndy, olaryň birinde ýangyn döräpdir. Zelel çekenler ýa-da ýol-ulag hadysalary barada maglumat ýok.

Kompaniýa bu meseläni sowadyş ulgamyny dolandyrmagy gowulandyrjak «HPCU» programma üpjünçiligini täzelemek arkaly çözmegi meýilleşdirýär.


21.06.2026 09:56
5.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....