Sem Altman ChatGPT-niň ýolbaşçylygyndan çekilip, barlag işleri bilen meşgullanar

  • 10.05.2025 14:52
  • 1.7k+

OpenAI kompaniýasy Instacart amerikan eltip berme hyzmatynyň häzirki baş direktory we Facebook App-yň öňki ýolbaşçysy Fiji Simonyň programma üpjünçiliginiň ösüş ugruna ýolbaşçy hökmünde bellenendigini habar berdi. OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial torundaky sahypasynda bu çäräniň oňa barlaglara, hasaplaýyş mümkinçiliklerine we emeli aňyň howpsuzlygyna üns bermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

«The Verge» neşiriniň maglumatlaryna görä, Simo 2011-nji ýylda Facebook kompaniýasyna goşuldy, 2019-njy ýylda bolsa sosial toruň ykjam goşundysynyň ösüşine ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda habarlar lentasy, Stories (Hekaýalar) we göni ýaýlym ýaly esasy aýratynlyklar döredildi, bu hem kompaniýanyň mahabatdan girdeji gazanmagyna uly täsir etdi. 2021-nji ýylda ol Instacart kompaniýasyna baş direktor hökmünde geçdi we iki ýylyň içinde kompaniýany IPO çykmaga (paýnamalaryny ilkinji gezek satmaga) taýýarlady.
Simo geçen ýyldan bäri OpenAI-yň direktorlar geňeşiniň agzasy bolsa-da, ol häzirlikçe Instacart-daky wezipesini taşlamaz. Ol LinkedIn sahypasyndaky beýanatynda işgärlere «ýene birnäçe aý wezipesinde galjakdygyny» we täze ýolbaşçy bellenýänçä işini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Mobil programmalaryň kämilleşdirilmegi OpenAI üçin örän möhümdir, sebäbi ChatGPT häzirki wagtda ähli esasy platformalardaky, ýagny iOS, Android, Windows we macOS-daky ulanyjylar üçin elýeterli. Şeýle hem ýatlatsak, kompaniýa Twitter-e meňzeş öz sosial toruny döretmegiň üstünde işleýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
989

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......