OpenAI kompaniýasy Twitter-e meňzeş öz sosial toruny döretmegiň üstünde işleýär

  • 17.04.2025 22:33
  • 1k+

ChatGPT-niň işläp düzüjisi OpenAI kompaniýasy Twitter-e meňzeş öz sosial toruny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The Verge» neşiri habar berýär.

Taslama häzirlikçe irki tapgyrda, emma eýýämden kompaniýanyň içinde ulanylýan prototipi bar diýlip bellenilýär. OpenAI-yň baş direktory Sem Altman bu taslama boýunça käbir adamlar bilen pikir alşypdyr.
Häzirlikçe bu sosial toruň aýratyn bir programma hökmünde ýa-da ChatGPT-niň içine integrirlenen görnüşde çykaryljakdygy belli däl.
«The Verge» neşiriniň ýazmagyna görä, OpenAI-yň öz sosial toruny döretmegi oňa ChatGPT-ni türgenleşdirmek üçin zerur maglumatlary häzirki wagtda ýygnamaga mümkinçilik berer. Muny Meta eýýämden edýär, ol LLaMA modelini Facebook-daky mazmunlar bilen türgenleşdirýär. Şeýle-de belläp geçsek, Ilon Mask hem Grok emeli aň modelini X sosial torunyň düzüminde işe girizipdi.


düýn 23:59
2.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......