OpenAI: ChatGPT çat-botuna bir günde 2,5 mlrd gezek ýüzlenilýär

  • 23.07.2025 14:26
  • 2k+

OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlanan ChatGPT çat-boty ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar her gün bota 2,5 mlrd gezekden köp ýüz tutýar, bu bolsa ýylda, takmynan, 912,5 mlrd ýüzlenmä deňdir.

Axios-yň habar bermegine görä, günde 330 mln töweregi ýüzlenme ABŞ-daky ulanyjylardan gelýär.
Çat-botuň auditoriýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda hepdede 300 mln ulanyjydan 2025-nji ýylyň martynda 500 mln ulanyja çenli artdy.
ChatGPT-niň häzirlikçe her ýylda, takmynan, 5 trln gezek ýüzlenilýän Google gözleg ulgamyndan yza galýandygyna garamazdan, onuň ösüşi gözleg ägirdi üçin çynlakaý göreş hasaplanýar. Ozal habar berşimiz ýaly, OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňyň esasynda öz web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Hünärmenler ony Google Chrome bilen bäsdeşlige gönükdirilen ädim diýip belleýär.
Geçen hepde kompaniýa kompýuterde ulanyjynyň deregine ýumuşlary ýerine ýetirip bilýän ChatGPT Agent guralyny hödürledi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......