ChatGPT-de EA agenti kompýuterde ýumuşlary ulanyjynyň adyndan ýerine ýetirip başlady

  • 20.07.2025 13:44
  • 1.9k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de ulanyjynyň adyndan kompýuter ýumuşlaryny ýerine ýetirip bilýän täze EA guralyny döretdi. Bu barada hyzmaty işläp düzüjiler habar berdi.

Täze agent awtomatik usulda senenamany dolandyryp, prezentasiýalary döredip we özbaşdak kody işe girizip bilýär. Ol saýtlar boýunça gözlemek we gysga hasabatlary düzmek üçin onlarça çeşmeden maglumat ýygnamak ýaly OpenAI-iň öňki gurallarynyň mümkinçiliklerini özüne birleşdirýär. Agent bilen aragatnaşyk tebigy dilde tekst buýruklarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

“ChatGPT bu ýumuşlary hususy wirtual kompýuteriniň kömegi bilen ýerine ýetirýär, ol siziň görkezmeleriňize eýerip, çylşyrymly iş proseslerini başyndan ahyryna çenli doly işlemek üçin pikir ýöretmeler bilen hereketleri utgaşdyrýar” – diýip, OpenAI belledi.

Agent Pro, Plus we Team nyrhnamalarynyň agzalary üçin niýetlenendir. Funksiýany işjeňleşdirmek üçin ChatGPT-niň gurallar menýusynda agent mode režimini saýlamaly.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...