OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler. Bu model diňe bir adaty gepleşikler üçin däl, eýsem has çylşyrymly intellektual işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.
Täze modeliň esasy aýratynlyklarynyň biri, kontekst penjiresiniň bir million tokene çenli ulaldylmagydyr. Bu bolsa ulgama uly göwrümli resminamalary, dowamly hat ýazyşmalary, iri programma taslamalaryny ýa-da ägirt uly maglumatlar toplumyny böleklere bölmezden, bir soragyň dowamynda seljermäge mümkinçilik berýär.
GPT-5.4-de birnäçe iş tertibi peýda boldy. Adaty wersiýadan başga-da, "Thinking" (Pikirlenme) tertibi elýeterlidir. Bu tertipde model has takyk logiki zynjyry gurmak we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini sarp edýär. Şeýle-de, iň ýokary öndürijilige we hünärmenler gurşawynda ulanylmaga niýetlenen "Pro" wersiýasy hem hödürlenýär.
Işläp düzüjileriň bellemegine görä, täze model öňki wersiýalardan has takykdyr we hakyky maglumatlarda seýrek ýalňyşlyk goýýar. API arkaly daşky hyzmatlar bilen işleşmek ukyby hem kämilleşdirildi. Mundan başga-da, ulgamda "Tool Search" (Gurallary gözleme) mehanizmi peýda boldy. Ol ulgama tabşyryklary ýerine ýetirýän wagty zerur bolan gurallary çalt tapmaga kömek edýär we token sarp edilişini azaldýar.
Häzirki wagtda GPT-5.4 kem-kemden OpenAI-yň ähli hyzmatlaryna — ChatGPT-ä, işläp düzüjiler üçin niýetlenen gurallara we programirleme çözgütlerine, şol sanda Codex-e ornaşdyrylýar. Kompaniýanyň pikirine görä, täze model has awtonom emeli aň ulgamlaryny döretmekde möhüm ädim bolar.
