OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer

  • 11.07.2025 10:50
  • 1.3k+

OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär.

Täze brauzer ChatGPT bilen meňzeş interfeýsi ulanyp, ulanyja başga saýtlara geçmezden çatyň özünde birnäçe hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu OpenAI-e mahabat we serwisi kämilleşdirmek üçin internetde zerur çeşme bolan has köp ulanyjy maglumatlaryna gönüden-göni elýeterlilik berer.
ChatGPT-ni hepdede 500 mln çenli ulanyjy ulanýar. Olaryň arasynda täze brauzeriň ýaýramagy Alphabet-e we onuň mahabat girdejisine düýpli täsir eder.
OpenAI-iň brauzeri saýtlarda ulanyjy ýaly hereket edip, awtomatik taýdan dürli işleri ýerine ýetirip biljek EA agentleri üçin platforma öwrüler. Hususan-da, gürrüň ulanyjynyň adyndan formalary dolduryp, myhmanhanalary bronlap we petek satyn alyp bilýän OpenAI-iň Operator ýaly tehnologiýalary barada gidýär.
Programma Google tarapyndan döredilen we Chrome-dan başga-da, Microsoft we Opera brauzerlerinde ulanylýan Chromium programma platformasynyň esasynda gurlar.
Soňky döwürde ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-yň bölünmegini, şol sanda Chrome-yň satuwyny gazanmaga çalyşýar. Agentligiň maglumatlaryna görä, OpenAI şeýle çözgüt bolan ýagdaýynda ony satyn almaga gyzyklanma bildirdi.
SimilarWeb-iň maglumatlaryna görä, bazarda Chrome-yň paýy, takmynan, 64%-e barabar. Ikinji orny eýeleýän Safari-niň paýy 22%-e, üçünji orundaky Microsoft Edge-iň paýy 5%-e deň.


13.05.2026 15:09
4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......