Mercedes ChatGPT-niň sesi bilen gürlär we ýoly ýokardan görkezip biler

  • 17.04.2025 07:31
  • 2.9k+

Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen Offroad Track funksiýasy bar.

G-Class, EQS SUV, EQE SUV, GLS, GLE, GLB we GLA ýaly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen modelleriň eýeleri öz ýol ugurlaryny ýükläp, beýleki sürüjiler bilen paýlaşyp bilerler. Ulgam ýolda wagty wideo ýazgy almaga mümkinçilik berýär we ulagyň egilme burçlaryny, koordinatalaryny we tizligini hasaba alýar. Munuň üçin smartfonyňyzy öňdäki aýna berkidip goýmak zerurdyr. Ýazga alnan ugurlary soň gaýtadan görüp bolýar, bu hem syýahaty sanly görnüşde gaýtadan başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.
Täzelenme MBUX ulgamynyň ikinji nesli bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglar üçin elýeterli. Ulgam ýollardaky dyknyşyklary we mümkin bolan duralgalary göz öňünde tutup, alternatiw ugurlary hem hödürleýär.
Şeýle aýratynlyklar Mercedes-Benz awtoulaglaryny häzirki zaman sürüjileriň sanly isleglerine has-da ýakynlaşdyrýar.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......