Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

  • şu gün 10:57
  • 321

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy başlaýandygyny yglan etdi.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde emeli aň modelleri BMW kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda toplanan hakyky hem-de wirtual heläkçilikler baradaky maglumatlarynyň esasynda okadylar. Kompaniýa bu çemeleşmäniň geçirilen synaglaryň netijelerini seljermegiň netijeliligini ýokandyrjakdygyna we täze awtomobilleriň işlenip taýýarlanylyşyny has-da çaltlaşdyrjakdygyna ynanýar.

Häzirkizaman wirtual kraş-testleri ägirt uly mukdardaky tehniki maglumatlary döredýär we olary gaýtadan işlemek köp wagty talap edýär. BMW-niň berýän maglumatlaryna görä, emeli aň awtomobiliň kuzowynyň gowşak bolan howply zolaklaryny awtomatik usulda anyklap, çaknyşyk pursatynda gurluş elementleriniň özüni nähili alyp barjakdygyny öňünden çaklap biler we berkligi ýokarlandyrmagyň dürli ýollaryny entek sanly taslama tapgyrynda hödürläp biler.

Kompaniýa bu täze tehnologiýa inženerleriň ornuny tutmak üçin däl-de, eýsem olara ýardam berýän kämil gural hökmünde seredilýändigini aýratyn nygtaýar. Emeli aňy ulanmak gysga wagtyň dowamynda has köp wirtual simulýasiýalary geçirmäge we ozal el güýji bilen seljermek kyn ýa-da uly çykdajyly bolan ýol-ulag hadysalarynyň dürli ýagdaýlaryny modelirlemäge mümkinçilik berer.


şu gün 09:51
638

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.2k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 23:29
3.7k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

29.05.2026 16:35
6.2k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......