Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

  • 29.05.2026 23:29
  • 4.3k+

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine Formula One Team» diýlip üýtgediler.

Bu şertnama güýje girenden soň, topar häzirki hemaýatkär BWT kompaniýasynyň gök-gülgüne reňklerinden dolulygyna ýüz öwrüp, Gucci brendiniň firma reňklerine geçer.

Şol bir wagtyň özünde, Gucci sport we kaşaň önümçilik pudagynyň sepgidinde synag platformasy hökmünde görkezilýän Gucci Racing taslamasynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Taslamanyň gara we altyn öwüşginli reňklerde taýýarlanan täze logotipi hem hödürlendi.

«RacingNews365» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu ylalaşyk birnäçe ýyla niýetlenendir. Habarda aýdylyşyna görä, «Alpine» topary ýylda 55 million dollardan 60 million dollara çenli maliýe serişdesini alar.

Mundan ozal hem «Alpine» toparynyň moda pudagy bilen arabaglanyşygy bolupdy. 1986-njy ýylda bu topary Italiýanyň meşhur eşik brendi bolan Benetton satyn aldy. Şol döwürde Mihael Şumaher bu toparda öz karýerasyna başlap, 1994-nji we 1995-nji ýyllarda özüniň ilkinji çempionlyk titullaryny gazanypdy. 1995-nji ýylda Benetton Konstruktorlaryň kubogyny hem eýelemegi başardy.

Häzirki 2026 möwsüminiň bäş tapgyryndan soň, «Alpine» topary Konstruktorlaryň kubogynda 35 utuk bilen bäşinji orny eýeleýär.


düýn 10:58
2.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
6.1k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.4k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....