Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

  • 29.05.2026 16:35
  • 6.7k+

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa import etmek bolsa oktýabr aýynda göz öňünde tutulýar.

Önümçilik zynjyry «Toyota-nyň» Taýwanyň demirgazygyndaky bilelikdäki kärhanasynda dörediler. Kompaniýa bar bolan kuwwatlylygyny döwrebaplaşdyrmagy we ýylda takmynan 100 müň awtoulag, esasan hem arzan modelleri çykarmagy meýilleşdirýär.

Noah we Voxy Toyota-nyň Ýaponiýadaky esasy modelleriniň hataryna girýär. Olaryň hersiniň ýyllyk satuwy 70-den 80 müň awtoulaga çenli ýetýär. Ýokary islegiň fonunda käbir ulaglary gowşurmagyň möhletleri bir ýyldan geçýär, sargytlaryň bir bölegi bolsa öň ýatyrylypdy.

Kompaniýada awtoulaglaryň gaýtadan import edilmeginiň öz mümkinçilikleriniň çäginde işleýän ýapon zawodlaryna düşýän ýüki azaltmaga kömek etjekdigine garaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýadaky önümçilik Taýwandaky önümçilik bilen bilelikde dowam etdiriler.

Toyota ýapon ýeňil awtoulag bazarynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýär we 2025-nji ýyla çenli ýurtda 3,27 million awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň prezidenti gowşurylyş möhletleriniň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýy «çökgünlikli» diýip atlandyrdy we uzak garaşmagyň müşderileriň bäsdeşlere gitmegine sebäp bolup biljekdiginden howatyrlanýandygyny beýan etdi.


düýn 10:58
2.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......