Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

  • şu gün 09:51
  • 663

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu tehnologiýanyň netijesinde inženerler geljekki awtomobilleriň takyk sanly modellerini hakyky ölçegde synlap bilýär we fiziki maketleriň taýýar bolmagyna uzak wagtlap garaşmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

Ýokary takyklyk derejesi çylşyrymly 3D modelleriň RTX wideokartly güýçli kompýuterlerde ýa-da NVIDIA CloudXR we Autodesk VRED arkaly bulut ulgamynda gaýtadan işlenilmegi netijesinde gazanylýar. Şol şekiller Apple Vision Pro äýneklerine hiç hili bökdençsiz we gijikdirmesiz geçirilýär. Hünärmenler öz öňlerinde edil taýýar awtomobil duran ýaly, onuň kuzowynyň proporsiýalaryny, reňklerini we materiallaryny öwrenip bilýär. Bu bolsa iş saparlaryna, dürli ylalaşyklara we aralyk prototipleri öndürmäge gidýän çykdajylary ep-esli azaldýar.

«visionOS üçin NVIDIA CloudXR arkaly immersiw giňişlik hasaplamalaryny iş prosesimize ornaşdyrmak bize Apple Vision Pro enjamynda dizaýnlarymyzy doly ölçegde, has aýdyň hem-de uly tizlik bilen bahalandyrmaga mümkinçilik berýär» – diýip, Kia kompaniýasynyň global dizaýn bölüminiň ýolbaşçysy Karim Habib belledi.

Onuň aýtmagyna görä, döredijilik toparlary bilelikde awtomobiliň proporsiýalaryny, ýüzüni, reňklerini we materiallaryny hakyky gurşawda görüp we hakyky wagt režiminde özara işleşip bilýär.

Ergonomikany we gurluş sazlaşyklaryny anyklamak üçin hakyky synaglar öňküsi ýaly zerur bolsa-da, sanly baha bermek dizaýndaky irki ýalňyşlyklardan goraýar. Hytaýyň awtomobil öndürijileri bilen berk bäsdeşlik şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy Kia kompaniýasyna öz awtomobil hataryny has çalt täzelemäge ýardam edýär.


şu gün 10:57
360

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.2k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 23:29
3.7k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

29.05.2026 16:35
6.2k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......