ChatGPT indi ýazyşan zatlaryňyzyň ählisini ýatda saklap bilýär

  • 14.04.2025 13:52
  • 2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni täzeledi. Indi ol ulanyjynyň ozalky ähli gürrüňlerine salgylanyp, has şahsylaşdyrylan jogaplary berip bilýär. Täze funksiýa jogaplary has takyk, maslahatlary has ähmiýetli we özara gatnaşygy bolsa has «adamyňky ýaly» edýär. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.

Täze ýat funksiýasynyň kömegi bilen, ChatGPT her gürrüňdeşlikde siziň gyzyklanmalaryňyzy, gepleşik stiliňizi we öň gürrüň eden temalaryňyzy göz öňünde tutýar. Bu mümkinçilik awtomatiki ýagdaýda işleýär, emma isleseňiz sazlamalardan bu funksiýany öçürip ýa-da gürrüňleriň taryhyna elýeterliligini çäklendirip bilersiňiz.

«Bu funksiýa meniň pikirimçe, geň galdyryjy derejede ajaýyp. Bu bolsa bizi hakykatdan-da tolgundyrýan bir zady görkezýär: ömrüň dowamynda seni gitdigiçe has gowy tanaýan we iň peýdaly, şahsylaşdyrylan görnüşe öwrülýän EA ulgamlary» — diýip, OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman ýazdy.

Bu mümkinçilik 11-nji aprelden başlap, Plus we Pro abunalygyna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir, ýöne ÝYZ-na degişli ýurtlarda, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, Norwegiýada, Islandiýada we Lihtenşteýnde elýeterli däl. Team, Enterprise we Edu hasaplaryny ulanýanlar bolsa, bu mümkinçilige indiki hepdelerde eýe bolar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......