OpenAI-iň täze o3 we o4-mini EA modelleri suratlar bilen “pikirlenip” bilýär

  • 18.04.2025 12:17
  • 840

OpenAI täze o3 we o4-mini emeli aň modelleriniň çykarylandygyny habar berdi.

o3 modeli işläp düzüjiler tarapyndan “pikir ýöretmäge ukyply bolan iň güýçli model” diýlip atlandyrylýar. o4-mini modeli öz ululygyna we bahasyna laýyklykda ykjam, tiz we netijelidir.
Modelleriň aýratynlygy olaryň pikir ýöretmek prosesinde suratlary ulanyp bilmegidir. Olar suratlara düşünip, elektron tagtalardaky mazmuny seljerip, şeýle-de suratlary ulaldyp, öwrüp we üýtgedip bilýär. Bu hem olary wizual maglumatlar bilen işlemek üçin peýdaly edýär.
Täze modeller ChatGPT-niň ähli funksiýalaryny, şol sanda web-gözlegi, maglumat seljermesini, şekilleri emele getirmegi we faýllary okamagy goldaýar. Bu mümkinçilikler eýýäm şu günden o3, o4-mini we o4-mini-high modellerini ulanýan ChatGPT Plus, Pro we Team nyrhnamalaryny ulanyjylar üçin elýeterlidir. o3-pro modeli üçin gurallar ýakyn hepdelerde peýda bolar.
Häzirki o1, o3-mini we o3-mini-high modelleri bu nyrhnamalaryň çäklerinde kem-kemden ulanylyşdan aýrylar.
Täze modeller duşenbe güni hödürlenen GPT-4o-nyň ornuny tutjak flagman GPT-4.1 EA modeliniň tanyşdyrylyşyndan soň anons edildi. 


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......